Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwa: Kiýew syýahat düzgünleri üýtgetmeli däl


Moskwa Kiýewi Orsýetiň raýatlarynyň Ukraina syýahat etmegi üçin daşary ýurt pasportlaryny talap edýän düzgünleri girizmezlige çagyrýar.

Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň howpsuzlyk sebäpleri bilen düşündirip 3-nji fewralda yglan eden bu düzgünlerine görä, 1-nji martdan başlap orsýetliler öz içerki pasportlary bilen serhetden geçip bilmezler.

4-nji fewralda Orsýetiň Daşary işler ministrligi Kiýewiň häzirki serhet düzgünlerini saklamagynyň “ynsanperwer sebäplerden” möhümdigini belledi.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýugyň 3-nji fewralda gol çeken permanyna görä, Ukrainanyň serhet ýakasynda ýaşaýan we işleýän müňlerçe orsýetli serhetden geçip, pasporty üçin ýuz tutmaly bolar.

XS
SM
MD
LG