Sepleriň elýeterliligi

Lawrow: Goşa raýatlyk meselesine garalýar


Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Russiýanyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow

Sişenbe güni Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Russiýanyň daşary işler ministri ýurduň ýokary derejeli resmileri bilen gepleşiklerden soň beren maglumatynda, beýleki meseleler bilen bir hatarda, goşa – türkmen-rus – raýatlygyna eýe bolan adamlaryň ýagdaýyna hem garalandygyny aýtdy.

Habarçynyň türkmen-rus raýatlygyna eýe bolanlaryň, onuň sözi bilen aýdylanda, olaryň “goragy” barada gürrüň boldumy ýa ýok diýen soragyna Sergeý Lawrow şeýle jogap berdi: “Hawa, biz bu mesele dogrusynda – geçen ýylyň 29-njy sentýabrynda Astrahanda iki ýurduň prezidentleriniň arasynda geçirilen gepleşikileriň netijesinde berlen degişli görkezmeler esasynda – konsultasiýalarymyzy dowam etdireris”.

Emma iki raýatlyk meselesinde “dowam etdireris” diýilýän konsultasiýalaryň anyk mazmuny barada hiç hili maglumat berilmedi. Şeýle-de 29-njy sentýabrda Russiýanyň Astrahan şäherinde hazarýaka döwletleriň bäşisiniň gatnaşmagynda geçirilen Kaspiý sammitiniň dowamynda türkmen we rus prezidentleriniň goşa raýatlyk meselesi boýunça gepleşik geçirendikleri we bu ugurdan nähilidir bir görkezmeleri berendikleri barada hem ilat köpçüligine öz wagtynda maglumat berilmändi.

Mesele

Ýatladyp geçsek, türkmen-rus raýatlygy bilen bagly meseleler Aşgabadyň, 2013-nji ýylyň iýulyndan başlap, goşa raýatlyga eýe bolan türkmenistanlylaryň diňe bir ýurduň pasportyny saklap biljekdigi baradaky girizen düzgüninden soň döräpdi. Şol wagt, başga bir ýurduň pasportyna eýe bolanlara Türkmenistanyň graždanlaryna berilýän daşary ýurt pasportlarynyň berilmejekdigi aýdylypdy.

Munuň bilen baglylykda dowam eden konsultasiýalardan soň, 2013-nji ýylyň iýun aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi goşa raýatlygy bolan türkmenistanlylara täze biometrik pasportlarynyň berlip başlanjakdygyny mälim edipdi. Şol bir wagtda-da bu pasportlaryň diňe 2003-nji ýyla çenli iki pasport alan adamlara beriljekdigi, galyberse-de, täze türkmen pasportyny almak isleýän adamlaryň Türkmenistanda propiskasynyň bolmalydygy nygtalypdy.

Taryh

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda “Goşa raýatlyga degişli meseleleri kadalaşdyrmak boýunça ylalaşyk” 1993-nji ýylyň 23-nji dekabrynda baglaşylypdy. On ýyl çemesi wagtdan soň, ýagny 2003-nji ýylyň 10-njy aprelinde Moskwada agzalýan Ylalaşygyň ýatyrylmagy barada protokola gol çekildi. Oňa Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazow we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin gol goýdular. Türkmen Mejlisi bu ylalaşygyň protokolyny, sese goýup, resmi suratda tassyklasa-da, rus Dumasy ony tassyklamakdan boýun gaçyrypdy.

Gepiň gerdişine görä aýtsak, Türkmenistanyň 2008-nji ýylda kabul eden täze Konstitusiýasynda goşa raýatlyk inkär edilýär.

3-nji fewralda Türkmenistana eden saparynyň çäklerinde Sergeý Lawrow ýurduň prezidenti hem-de daşary işler ministri bilen duşuşdy.

Lawrow mundan ozal Türkmenistana 2013-nji ýylyň aprelinde sapar edipdi.

XS
SM
MD
LG