Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Debaltsewe: Söweş dowam edýär


Gündogar Ukrainada hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda Debaltsewe şäheriniň üstündäki söweşler Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň adamlary ewakuasiýa etmek üçin ok atyşygy bes etmek barada çagyryşlaryna garamazdan dowam edýär.

Ukrain harbylarynyň 4-nji fewralda aýtmagyna görä, gozgalaňçylar Debaltseweniň golaýyndaky öz pozisiýalaryndan eden hüjümlerinde “ýaraglaryň ähli görnüşlerini” ulanypdyrlar, emma hökümet güýçlerini gysyp çykarmagy başarmandyrlar.

Söweşleriň dört sagatdan köp wagtlap dowam edendigi habar berildi. Harbylaryň metbugat wekili Wýaçeslaw Seleznew soňky 24 sagadyň dowamynda iki ukrain esgeriniň wepat bolandygyny we 18 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Regionda dowam edýän konflikt zerarly geçen ýylyň aprel aýyndan bäri azyndan 5 350 adam wepat boldy.

3-nji fewralda ÝHHG-nyň häzirki ýolbaşçysy Serbiýanyň daşary işler ministri Iwisa Daçiç ok atyşygy bes etmeklige çagyrdy.

XS
SM
MD
LG