Sepleriň elýeterliligi

Dönüklikde aýyplanan Dawydowa boşadyldy


Swetlana Dawydowa, 3-nji fewral, 2015

Swetlana Dawydowa, 3-nji fewral, 2015

Orsýet goşunlarynyň hereketleri barada Ukrainanyň ilçihanasyna habar ýetirendigi üçin tussag edilendigi aýdylýan orsýetli zenanyň aklawçysy öz müşderisiniň Moskwanyň türmesinden boşadylandygyny habar berdi.

Swetlana Dawydowanyň aklawçysy Sergeý Badamşin orsýet resmileriniň Dawydowany suddan öň öz öýüni terk etmezlik şerti bilen Moskwanyň Lefortowo türmesinden boşatmaga razylyk berendigini 3-nji fewralda aýtdy.

36 ýaşly Dawydowa Moskwadan 240 kilometr uzaklykdaky Wýazma şäherinde ýaşaýar. Ýedi çaganyň ejesi 21-nji ýanwarda öz öýünde tussag edilip, tussaghana äkidilipdi.

Dawydowanyň haçan sud ediljegi barada habar berilmedi. Sud başda Dawydowanyň 19 marta çenli türmede saklanmagyny karar edipdi.

XS
SM
MD
LG