Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz ministri işden gidip garşylyk bildirdi


Almambet Şykmamatow

Almambet Şykmamatow

Gyrgyzystanyň adalat ministri Almambet Şykmamatow prezidentiň apparatynyň ýolbaşçysyna garşy çykyp, wezipesinden çekilýändigi barada hat ýaýratdy.

Şykmamatow wezipesinden çekilmegi barada arzany premýer-ministr Joomart Otorbaewe gowşurandygy Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna 3-nji fewralda habar berdi. Şykmamatow munuň öňüsyrasynda prezidentiň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Daniýar Narymbaýewiň öňünde ötünç soramakdan özüniň ýüz öwürýändigi üçin wezipesini terk edýändigini mälim etdi.

Gyrgyz metbugaty Şykmamatowyň baş prokuror Aida Salyanowanyň geçen aýda öz wezipesinden çekilmegine Narymbaýewiň syýasy öýünlarynyň sebäp bolandygy barada aýdandygyny habar beripdi.

XS
SM
MD
LG