Sepleriň elýeterliligi

Marynyň iň gyzgalaňly söwda merkezleriniň biri şäheriň maşyn bazary diýlip hasaplanýar. Adaty günlerde bu ýere ýüzlerçe adam gelýär we alyja garaşýan onlarça görnüşdäki dürli maşynlara syn edýärler. Bu bazarda söwda, umuman, gyzgalaňly bolýar.

Emma bu bazarda soňky döwürde alyjydan satyjy köp, bu bolsa Maryda maşyn söwdasy bilen meşgullanýan adamlar üçin adaty ýagdaý däl. Galyberse-de, bu ýagdaý dollara bolan talabyň ösmegi we onuň kursy bilen bagly Türkmenistanda dörän adaty bolmadyk ýagdaýa gabat gelýär.

Bazaryň bir tarapynda durup, beýleki tarapyny synlasaň, onda dürli reňkli hem görnüşdäki maşynlaryň ýüzlerçesini görmek mümkin, emma ol satlyk maşynlaryň arasynda aýlanyp ýören alyjylary welin, barmak büküp sanaýmaly.

Bu ýagdaýyň sebäbi dollaryň nyrhynyň üýtgäp durmagy bilen baglanyşdyrylýar. Satyjylardan käbirleriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Türkmenistana getirilýän maşynlaryň, esasan, daşary ýurtlardan getirilýänligi sebäpli, maşynlaryň satuw nyrhydollar hasabynda kesgitlenilýär.

Emma soňky döwürde dollaryň hümmetiniň manada görä ýokarlanmagy maşynlaryň hem bahasynyň ýokarlanmagyna sebäp boldy, bu ýagdaý bolsa adamlaryň satyn alyjylyk ukybyna ýaramaz täsirini ýetirdi.

Mälim bolşuna görä, Türkmenistanda şu ýylyň ýanwar aýynda dollaryň türkmen manadyna bolan kursy uýtgedilip, bir dollar 2.85 manat bolanlykdan 3.5 manada ýetirildi. Üstesine-de, her adam başyna bir günde satylýan walýutanyň möçberi 1000 dollar möçberinde çäklendirildi.

Geçen ýylyň soňlarynda dörän "dollar nobatlary" bu ýylyň başynda biraz köşeşse-de, soňky günlerde ”dollar nobatlary” ýene-de uzap ugrady. Muňa sebäp bolan zat hem – ”dollaryň bahasy ýene galjakmyş” diýen myş-myşlar boldy.

Marynyň banklarynyň öňünde şu geçen hepdäniň ahyrynda hem şu hepdäniň başynda emele gelen nobatlarda 1000-den gowrak adam mähellesini görmek bolýardy. Şeýle-de şol banklaryň käbirlerinde adam başyna her günde 1000 dollar satylmaly diýlen çäklendirmäniň möhleti gitdigiçe uzaldylýar. Indi käbir banklar agzalan summadaky walýutany bir hepdede, hatda bir aýda bermeli edýärler.

Bahalar

Dollaryň töweregindäki bu ýagdaýlar, hususanam maşynlaryň bahasyna täsirini ýetirýär, Meselem, Türkmenistanda ”Titanik Awalon” diýlip atlandyrylýan ”Toyota” kysymly we 2012 – 2013-nji ýyllaryň ulaglary dollaryň kursy 2.85 bolanda, 42000 manada duran bolsa, ol bir dollar 3.50 manada çalyşylýan häzirki döwürde - 52000 manada durýar.

Bu bolsa köp alyjy üçin, esasanam dollar gytçylygy dowam edýän häzirki pursatda, elýeter däl,

Özüni Myrat diýip tanadan 45 ýaşlaryndaky bir müşderi Azatlyk Radiosyna şeýle gürrüň berdi: “Dollaryň öňki kursy bilen halaýan maşynymy almaga ýagdaýym bar, emma täze ýyla geçip, dollar gymmatlady. Maňa bolsa maşyn aljak ýerim dollar bilen berýä, ýada manatda dollaryň häzirki kursy bilen ber diýýär, bu gaty gymmada düşjek”.

Alyjylar bilen birlikde satyjylar hem aladaly. Özüni Kerim diýip tanadan 40 ýaşlaryndaky söwdagär alan maşynlaryny satyp bilmeýändigini, we oňa dollaryň ýokarlanan kursunyň sebäp bolýandygyny aýdýar.

“Adamlar häzirki wagtda köneräk we motory kiçeňräk maşynlary almaga ýykgyn edýärler, sebäbi olaryň uly maşyn almaga gurby çatanok, dollar gymmatlady” diýip Kerim Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde aýtdy.

Elbetde, maşynlaryň az satylmagynyň, ýa satylmazlygynyň sebäbi diňe dollaryň kursy bilen çäklenmeýär. Şu ýylyň başlarynda benziniň bahasynyň ýokarlandyrylmagy hem alyjylaryň belli bir bölegine öz täsirini ýetirýär.

2014-nji ýylda bir liter benziniň bahasy 60 teňňe bolan bolsa, ol häzir 1 manada durýar.

Soňky birnäçe günlükde maşynlaryň bahasyna täsir ýetirjek ýene bir karar kabul edildi. Ol hem Türkmenistana gara reňkli maşynlaryň import edilmeginiň gadagan edilmegi bilen bagly. Bu kararyň ýurduň içine getirilen gara reňkli maşynlara hem täsirini ýetip başlandygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG