Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan iki raýatyny dönüklikde aýyplady


Bakunyň sudy iki azerbaýjanlyny Eýranyň peýdasyna içalyçylykda aýyplap, tussag etdi.

Faik Kurbanow and Seýmur Rzazade 5-nji fewralda dönüklikde aýyplanyp, 14 we 13 ýyl türme tussaglygyna höküm edildiler.

Derňewçiler bu iki adamyň Eýranyň gizlin gulluklary bilen 2013-nji ýylda hyzmatdaşlyk edendiklerini aýtdylar.

Azerbaýjan Eýranyň peýdasyna içalyçylykda aýyplap, 2012-nji ýylda ençeme raýatyny tussag edipdi.

Awgust aýynda Azerbaýjanyň raýatlary Hafiz Waliyew we Agamir Agamirow Eýranyň peýdasyna içalyçylyk etmekde aýyplanyp ömürlik türme tussaglygyna höküm edilipdi.

Tähranyň we Bakunyň arasyndaky dartgynlylyk 2012-nji ýylda Azerbaýjanyň häkimiýetleri Eýran bilen gatnaşykda bolmagy güman edilýän we habar berilişine görä, Azerbaýjanda hüjüm etmek üçin dildüwüşik gurnan ençeme adamy tussag edensoň güýçlenipdi.

XS
SM
MD
LG