Sepleriň elýeterliligi

Holland we Merkel Kiýewe barýarlar


Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland

Fransiýanyň prezidenti Fransua Holland we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Kiýewe we Moskwa barýarlar we gündogar Ukrainada parahatçylygyň bolmagy ugrunda basyş etmek maksadyny öz öňünde goýýarlar.

Holland Orsýete garşy sanksiýalary girizmek baradaky duýduryşlaryň söweşleri togtadyp bilmändigini bellemek bilen, özüniň Merkel bilen bilelikde Petro Poroşenko we Wladimir Putin bilen 5-nji we 6-njy fewralda geçiriljek gepleşikleriniň dowamynda konflikti çözmek boýunça “täze teklipleri” öňe sürjekdigini habar berdi we bu teklipleriň Ukrainanyň territorial bütewiligine esaslanylýandygyny mälim etdi.

Ukrainanyň gündogarynda hökümet güýçleriniň we orsýetçi separatistleriň arasynda dowam edýän söweşleriň pidalarynyň sany geçen ýylyň aprel aýyndan bäri 5 350 adamdan aşdy.

XS
SM
MD
LG