Sepleriň elýeterliligi

Gazak raýatynyň öldürilmegi zorluk döretdi


Gazagystanyň günorta regionynyň ýaşaýjysynyň öldürilmegi zorlukly protestleri döretdi.

Regional polisiýa departamentiniň aýtmagyna görä, 5-nji fewralda Yntymak obasynda bolan tertipsizlikleriň netijesinde ençeme ulag otlanyp, birnäçe jaý ýumrulypdyr.

Zorluklar ýerli ýaşaýjy Bahytžan Artykow 4-nji fewralda goňşy Bostandyk obasynyň golaýynda öli tapylansoň başlandy. Resmiler ony öldürmekde güman edilýän ýerli ýaşaýjy Nawmetdin Narmetowyň azatlykda galýandygyny aýtdylar.

Polisiýa ofiseri “ýerli täjikleriň we gazaklaryň arasyndaky düşünişmezligiň” tertipsizlik döredendigini 5-nji fewralda Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna aýtdy. Ýerli resmileriň Yntymak obasynda polisiýa güýçlerini ýerleşdirilensoň asudalygyň dörändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG