Sepleriň elýeterliligi

Debaltsewede ok atyşyk bes edildi


Debaltsewe şäherine barýan boş awtobuslar, 6-njy fewral, 2015.

Debaltsewe şäherine barýan boş awtobuslar, 6-njy fewral, 2015.

Kiýewiň we orsýetçi separatistleriň gündogar Ukrainanyň Debaltsewe şäheriniň daşynda gysga ynsanperwer ýaraşygy barada ylalaşandyklary habar berilýär.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi Wýaçeslaw Abroskiniň Frans Press (AFP) agentligine aýtmagyna görä, ok atyşygy bes etmek ylalaşygyna gabawdaky ýaşaýjylarynyň ewakuasiýa edilmegine mümkinçilik döretmek üçin gelnipdir.

Gozgalaňçylar ýaraşygyň 6-njy fewralda irden öýläne çenli 7 sagatlap dowam etjekdigini aýtdylar.

Reuters täzelikler agentligi onlarça boş awtobuslaryň olaryň ýanynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň gözegçileriniň şähere tarap geçendigini habar berdi.

Şaýatlar ulag kerweniniň şähere tarap geçen wagtynda hökümet güýçleriniň we separatistleriň arasynda ok atyşygyň bolmandygyny aýtdylar. Debaltsewe soňky hepdelerde güýçli söweşleriň gidýän ýeri boldy.

XS
SM
MD
LG