Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Aşgabat: Taksometrler talap edilýär


Müşderilere ýüzlenip ýazylan bildirişde aýdylyşy ýaly, ýol nyrhy 1 kilometr üçin 30 teňňe bolmaly.

Müşderilere ýüzlenip ýazylan bildirişde aýdylyşy ýaly, ýol nyrhy 1 kilometr üçin 30 teňňe bolmaly.

Soňky günlerde paýtagtyň taksomotor awtoulag kärhanasynyň sary reňkli taksileriniň aýnalarynda, bu taksilere münülende taksometr sçýotçiginiň, ýagny hasapçy guralyň hökman işledilmelidigini ýatladýan bildirişler asylýar.

Takside öňde oturýan ýolagçynyň gönüsindäki aýna we yzky çep gapynyň aýnasyna ýelmenen bu bildirişler ýaňy-ýakynda peýda bolup başlady.

Müşderilere ýüzlenip ýazylan bu bildirişde aýdylyşy ýaly, ýol nyrhy 1 kilometr üçin 30 teňňe bolmaly. Hasapçy sçýotçik işledilmedik ýagdaýynda, müşderiniň ýol nyrhyny tölemekden ýüz öwürmäge hukugynyň bardygy bu bildirişde habar berilýär.

Taksileriň aýnalarynda ýerleşdirilen bildirişler

Taksileriň aýnalarynda ýerleşdirilen bildirişler

Ýatlap geçsek, häzire çenli taksileriň belli bir aradaşlyk üçin kesgitlenen ýol kireý nyrhy ýokdy, ol, adatça, sürüjiniň we ýolagçynyň özara ylalaşygy esasynda kesgitlenýärdi.

Täze girizilen düzgüniň taksi gatnawyndaky hyzmatlary tertibe salmak üçin edilýändigine meňzese-de, taksiçilieriň arasynda ony höwessiz kabul edenleriniň hem bardygy aýdylýar.

Plan

Döwlete degişli taksileriň sürüjileriniň biri Geldi 12 sagat dowam edýän bir iş smenasyndan soň tabşyrmaly puluň kesgitlenen summasynyň, ýagny plannyň bardygyny, emma bu täze girizilen düzgün boýunça işlenilse, onda ozalkylara görä has az girdeji geljekdigini aýdýar.

“Biz her smende 110 manat plan bermeli. Bir kilometre 30 teňňä äkidip, şol plany dolup bolmaýar. Eger plany 20 manat etseler onda şol nyrh boýunça işlese boljak” diýip, Geldi gürrüň berýär.

Döwletiň eýeçiligindäki taksiler

Döwletiň eýeçiligindäki taksiler

Geldiniň aýtmagyna görä, resmi ýol kireý nyrhy boýunça paýtagtyň wokzalyndan tä ”Ýimpaş” söwda merkezine çenli ýol nyrhy 1 manat 50 teňňe töwerek bolýar. Geldinin sözlerinden çen tutsaň, onda hususy taksiler, benzin gymmatlandan soň, bu aralyga müşderilerden 4 manat ýol kireý puluny alýarlar.

Ýeri gelende aýtsak, hususy taksileriň käbir sürüjileri hem döwlet taksilerine goýlan bu kesgitli ýol kireý nyrhy bilen taksiçilere gündelik plany tabşyrmagyň örän kyn boljakdygyny tassyklaýarlar. “Özüm günde 100 manatdan gowrak gazanýaryn. Ýöne bir kilometr üçin 30 teňňe ýol nyrhy bilen munuň ýaly gazanç etmek mümkin däl” diýip, paýtagtyň köçelerinde kireý edýän hususy taksiçileriň biri Aman öz pikirini beýan edýär.

"Ilat soramaýar"

Şol bir wagtda, Geldiniň aýtmagyna görä, häzire çenli müşderileriň hiç haýsysam hasapçynyň işledilmeýändiginden närazy bolmandyr. Geldinin aýtmagyna görä, hatda, hasapçyny işletmegi talap eden hem bolmandyr.

Ýogsa, başda belleýşimiz ýaly taksiniň hasapçy enjamy işlemdilmedik ýagdaýynda müşderiniň ýol nyrhyny tölemekden ýüz döndermäge hukugynyň bardygy resmi derejede kabul edilen degişli bildirişde aýdyň görkezilen.

Ýatlap geçsek, Aşgabadyň taksomotor awtoulag kärhanasyna 2010-njy ýylda "Hundaý Elantra" kysymly 300 sany täze awtoulag satyn alnypdy. Paýtagtyň köçelerinde täze sary reňkli bu taksileriň ilki peýda bolanyna eýýäm bäş ýyl bolup barýar.

Geldiniň aýtmagyna görä, ýola çykman galýan taksileriň sany köp. “Azyndan 100 töwerek taksi garažda galýar. Olaryň sürüjileri ýok”.

Şol bir wagtda-da ýurduň Awtomobil transport ministrligi tarapyndan häzire çenli-de, hususy taksilere, olaryň düzgüne görä işlemegi üçin zerur bolan resmi lisenziýalar berilmeýär. Lisenziýa bolmasa, Salgyt gullugyndan patent hem alyp bolmaýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG