Sepleriň elýeterliligi

Iordan uçarlary "YD" zarba urdy


Iordaniýanyň uçarlarynyň "YD" garşy hüjümleri, TW-sinden alnan şekil, 5-nji fewral, 2015

Iordaniýanyň uçarlarynyň "YD" garşy hüjümleri, TW-sinden alnan şekil, 5-nji fewral, 2015

Iordaniýanyň söweş uçarlary 5-nji fewralda Siriýada “Yslam döwletine” zarba urdular we söweşijiler tarapyndan öldürlen iordaniýaly pilotyň obasynyň üstünden uçup geçdiler.

Iordaniýanyň ýaragly güýçleriniň beýannamasyna görä, onlarça söweş uçarynyň gatnaşmagyndaky hüjümde “Yslam döwletiniň” ýarag saklanýan ýerleri we türgenleşik lagerleri ýok edilipdir.

Hüjümler patyşa Abdullanyň pida bolan pilotyň maşgalasyna gynanç bildiren wagtynda amala aşyryldy. Iordaniýanyň daşary işler ministri Nasser Judeh munuň Iordaniýanyň öz pilotyny öldüren söweşijilere bejek jogabynyň başlangyjy bolandygyny aýtdy. Mundan iki gün öň “Yslam döwleti” ýesir alnan iordaniýaly pilot Mouath al-Kasaesbehiň diriligine oda berlip öldürlendigini görkezýän wideony çap etdi.

XS
SM
MD
LG