Sepleriň elýeterliligi

Gazak aktiwisti “Adam bol” şygary üçin tussag edildi


Graždan aktiwisti Meiram Duisenow, Astana, 6-njy fewral, 2015.

Graždan aktiwisti Meiram Duisenow, Astana, 6-njy fewral, 2015.

Gazagystanyň polisiýasy häkimiýetleriň basyşy astyndaky “Adam bol” atly neşre raýdaşlyk bildirip, protest geçiren aktiwisti tussag etdi.

6-njy fewralda Meiram Duisenow “Adam bol!” diýen ýazgyly plakatyny Astanada prezident köşgüniň öňünde ýerleşdirdi.

Polisiýa Dusenowyň bu plakaty binanyň golaýyndaky poçta bukjasyna salmagynyň öňüni aldy we aktiwisti äkitdi.

Dekabr aýynda Almatynyň sudy “Adam bol” žurnalyny ýapyp, ony “urşy propaganda etmekde” aýyplapdy.

XS
SM
MD
LG