Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Ballistik raketalar taýýar saklanýar


Harby türgenleşik, Orsýetiň Kaliningrad regiony, 30-njy ýanwar, 2015.

Harby türgenleşik, Orsýetiň Kaliningrad regiony, 30-njy ýanwar, 2015.

Orsýetiň alty regionynda mobil ballistik raketalary söweş patrul derejesine getirildi.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň strategik raketa sistemalary boýunça metbugat wekili polkownik Igor Ýegorowyň aýtmagyna görä, “Topol, Topol-M we Ýars mobil raketalary ýurduň alty regionynda söweş gözegçiligine” çykarylypdyr.

Ýegorow harby enjamlaryň 700 birliginiň, şol sanda raketa atyjylaryň tutuş Orsýet boýunça birnäçe regionda ýerleşdirilendigini aýtdy.

Ýegorow “her raketa bölüminiň her ýylda 60 günläp söweş gözegçiliginde bolmalydygyny” aýtdy.


XS
SM
MD
LG