Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Ukraina: Wagtlaýyn ýaraşyk baglaşyldy


Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi ýaraşygyň gabawda galan ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek üçin baglaşylandygyny aýtdy.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi ýaraşygyň gabawda galan ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek üçin baglaşylandygyny aýtdy.

Ukrain hökümet resmileri we orsýetçi separatistler, aýdylmagyna görä, gündogardaky Debaltsewe şäheriniň töwereginde gysga wagtlyk ynsanperwer ýaraşyga razy boldular.

Wagtlaýyn ýaraşyk german kansleri Angela Merkeliň we fransuz prezidenti Fransua Ollandyň ukrain krizisini soňlamak üçin täze parahatçylyk planyny öňe süren wagtyna gabat jar edildi.

Ukrainanyň Içeri işler ministrliginiň resmisi Wýaçeslaw Abroskin AFP habar gullugyna ýaraşygyň gabawda galan ýaşaýjylary ewakuasiýa etmek üçin baglaşylandygyny aýtdy.

Pitneçiler ýaraşygyň 6-njy fewralda, ýerli wagt bilen ir sagat ondan agşam sagat bäşe çenli dowam etjegini, asuda adamlaryň münen awtobuslarynyň eýýäm Debaltseweden çykandygyny aýtdylar.

Biraz öň «Roýter» habar gullugy onlarça boş awtobusyň, ÝHHG-nyň gözegçileriniň ugratmagynda, şähere tarap barýandygyny ýazypdy.

Şaýatlaryň aýtmaklaryna görä, ulag kerweni Debaltsewe tarap barýan wagty hökümet güýçleri bilen pitneçileriň arasynda atyşyk bolmandyr.

Debaltsewe Donetsk regionynda, ukrain hökümetiniň kontrollyk edýän ýerleri bilen separatistleriň kontrolluk edýän territoriýasynyň arasyndaky darajyk zolakda ýerleşýär.

Bu şäher birnäçe hepde agyr söweşiň sahnasyna aýlandy, separatistler tutuş Donetsk regionyna kontrollugy ele geçirmek üçin öňe dyzadylar.

Merkel bilen Olland 6-njy fewralda, separatistleriň gündogarda möwjeýän zorlugyny togtatmagy prezident Wladimir Putin bilen maslahatlaşmak üçin, Moskwa ugrady.

Bu planyň jikme-jiklikleri aýdylmaýar, emma ukrain prezidenti Petro Poroşenko Kiýewde Merkel we Olland bilen geçirilen gepleşikler gündogar Ukrainada atyşygy bes etmek umydyny ýokarlandyrdy diýdi.

Emma muňa garamazdan, Merkel Berlinden ugramazyndan öň ýaraşyk baglaşmak mümkinçiliginiň azdygyny aýtdy.

"Biz bu konflikte harby çözgüdiň ýokdugyna gowy düşünýäris. Emma biz soraglaryň doly açyk galýandygyny hem bilýäris, gepleşikler arkaly ýaraşyk gazanyp bolarmy ýa bolmaz, bu şu gün bolarmy ýa-da ýene gepleşik geçirmeli bolar, biz muny bilemzok” diýip, ol 6-njy fewralda žurnalistlere aýtdy.

Şeýle-de ol özüniň ukrain separatistlerine has kän territoriýa bermäge taýýarlanandygy baradaky habarlary ret etdi, «German kansleri hökmünde, başga bir döwlet ýolbaşçysyndan üstaşyr, häzirki ýagdaýda Ukraina meselesinde, men hiç wagt territorial meselelere gatyşmaryn” diýip, ol aýtdy.

Olland Parižde özüniň Putin bilen gepleşmäge gidýändigini, maksadynyň Ukrainadaky zorluklary soňlamak boýunça global ylalaşyga gelmekdigini aýtdy.

"Hemmeler bilýär, ilkinji ädim atyşygy bes etmek, emma bu ýeterlik däl" diýip, ol aýtdy. «Biz hemmetaraplaýyn ylalaşyk gazanmaly.»

Bu iki syýasatçy 5-nji fewralda Kiýewe sapar edip, 2014-nji ýylyň aprelinden bäri 5350-den gowrak adamy öldüren on aýlyk konflikti çözmek üçin häzire çenli görkezilen iň uly basyşy etdi.

Ukrain harbylary 6-njy fewralda pitneçileriň gündogar Ukrainadaky goşunyň pozisiýalaryna soňky 24 sagatda 100-den gowrak hüjüm edendigini, iki esgeri öldürip, 26-syny ýaralandyklaryny aýtdylar.

Moskwada Putiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow Kremliň Merkel bilen Olland Orsýetiň prezidentiniň parahatçylyk planyny kabul eder diýip garaşýandygyny aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk Kiýewiň döwletiň toprak bütewiligine, özbaşdaklygyna ýa-da garaşsyzlygyna güman salýan hiç bir ýaraşyk planyny kabul etmejegini aýtdy.

Ýatsenýuk bu beýanaty 5-nji fewralda, Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri bilen geçirilen gepleşiklerden soň etdi.

Kerri prezident Poroşenko bilen gepleşiklerden soň, Waşington diplomatiýany goldady, emma «rus tanklarynyň serhetden aşyp, Ukraina girmegine gözümizi ýumup bilmeýäris» diýdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG