Sepleriň elýeterliligi

Fethullah Gülen: Syýasy häkimiýet bilen gyzyklanamok


Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (Ç) we bosgunlykdaky türk musulman ruhanysy Fethullah Gülen

Türkiýäniň prezidenti Rejep Taýyp Erdogan (Ç) we bosgunlykdaky türk musulman ruhanysy Fethullah Gülen

"Soňky birnäçe ýylda Türkiýäniň nämä öwrülendigini görmeklik adamda lapykeçlik döredýär. Häzirki wagta çenli musulman ýurtlar ondan görelde almaga ymtylýardylar: Ol Ýewropa Bileleşigine deňhukukly agzalyga tamakin, iş ýüzünde Ählumumy adam hukuklaryny, adalatlylygy, kanunyň hökmürowanlygyny, ýurduň ilatynyň kürt we musulman bolmadyk beýleki graždanlarynyň hak-hukuklaryny goraýan demokratiýa ýolundan öňe barýardy… Indi bolsa şeýle möhüm taryhy pursat puja çykan ýaly görünýär. Häkimiýet başyndaky ”Adalat we galkynyş partiýasy” (AKP) bu ugry tersine öwrüp, ýurtda jemgyýetçilik guramalaryna, metbugata, kanun goraýjylara we azatlyklara garşy öz gysyşyny artdyrýar".

Muny ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynda ýaşaýan ruhany ýolbaşçy, "Nurjy" ("Hyzmat") diýen dini toparyň lideri Fethullah Gülen "The New York Times" gazetinde "Türkiýäniň erbetleşen demokratiýasy" sözbaşyly makalasynda beýan edipdir.

Tankyt - hyýanat hasaplanýar

Gülen öz makalasynda: "AKP-niň liderleri indi islendik demokratik tankyda döwlete garşy edilen hüjüm hökmünde baha berýärler. Tankyt bilen çykýan her bir sesi duşmançylyk, hat-da has beteri hyýanat hasaplamaklyk bilen, olar ýurdy totalitarizme tarap äkidip barýarlar" diýip ýazýar.

"Gysyşlaryň ahyrky pidalary - azat hususy metbugatyň işgärleri, media ýolbaşçylary we redaktorlardyr. Olar tussag edilýärler we kanunlara, kazyýet ulgamynyň işine girizilen soňky üýtgeşiklikleriň döredýän özboluşly mümkinçiliklerine görä, aýyplamalara duçar bolýarlar. Ýurtdaky iň meşhur telekanallaryň biriniň müdiri dekabr aýynda tussag edildi we henizem gözenegiň aňyrsynda bendilikde otyr. Korrupsiýa aýyplamalaryny derňän resmiler hem öz wezipesini berjäý edendigi sebäpli yzarlanyp, tussag edilýärler.

Garaşsyz kazyýet, jemgyýetçilik guramalary we metbugat hökümetiň eden-etdiliklerini gün tertibine girizýär. Ýöne şeýle iş edip birden, häkimiýet başyndaky partiýanyň barýan ýolunda kimdir biri onun öňünden çykaýsa, gysyşlara, töhmetlere we toslama aýyplamalara duçar bolýar".

Güleniň ýazmagyna görä, Türkiýäni dolandyrýanlar, gynansagam, Günbatary özünden daşlaşdyrýarlar. Ýakyn Gündogarda bolsa eýýäm abraýdan gaçypdyrlar. Türkiýäniň sebite oňaýly täsir ýetirmeklik ukyby diňe ykdysadyýete däl, eýse ýurtdaky demokratiýanyň sagdyn ýagdaýyna-da bagly.

Hakykata şaýatlyk ediň

"Sagdyn demokratiýanyň özeni bolan kanunyň hökmürowanlygy, adam hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmaklyk yslam dininiň esasy gymmatlyklarydyr. Haýsam bolsa bir syýasy ýa-da dini lideriň olary ýatyrmaga we çäklendirmäge ygtyýary ýokdur. Dindarlaryň agdyklyk edýän partiýasynyň, dinden peýdalanyp gysyşy we korrupsiýany özüne hyzmat etdirýändigini, şeýle-de bu babatda dymylýandygyny görmeklik ýüregi paralaýar. Dini ýörelgäniň şygarlaryndan we alamatlaryndan peýdalanyp, ýöne diniň esasy prinsiplerini pozanlar, dindarlaryň hormatyna mynasyp däldirler.

Ýesirlige garşy gürlemeklik demokratik hukukdyr, raýatyň borjudyr, dindarlar üçin bolsa dini hökmanlykdyr. Gurhanda bu babatda adamlaryň adalatsyzlyga garşy dymmaly däldigi şeýle açyk-aýdyň beýan edilýär: "Eý, iman getirenler! Allanyň hatyrasyna, adalaty goraýan şaýatlar boluň, hatda özüňize, ene-ataňyza, dogan-garyndaşlaryňyza garşy çykmaly bolaýaňyzda-da".

Soňky 50 ýylda jemgyýetçilik hereketlerine gatnaşmaklyk maňa-da nesip etdi. Kämahal "Hyzmat" hem diýip atlandyrylan bu hereketiň millionlarça türkiýeli agzasy we tarapdarlary bar. Bu graždanlar özlerini ynançlaryň raýdaşlygyna, jemgyýetçilik işlerine, haýyr-sahawat aladalaryna, durmuşy özgerdýän bilimiň kämilleşdirilmegine bagyş edipdiler. Olar 150-den gowrak ýurtda müňden hem köp kämilleşen dünýewi mekdepleri, ylmy tälim merkezlerini, kollejleri, keselhanalary, ynsanperwerlik guramalaryny döredipdiler. Olar mugallymlar, žurnalistler, biznesmenler we ýönekeý raýatlardyr.

"Hyzmatyň adamlary" syýasy partiýa döretmedi

Häkimiýetiň başyndaky partiýanyň "Hyzmat" hereketiniň adamlaryna gysyş üçin öňe sürýän garaýşy, onuň hut öz awtoritarizmini esaslandyrmaklyk maksadyna eýerýär. "Hyzmat" hereketiniň adamlary hiç wagt syýasy partiýa döretmedi we hiç haçan olaryň syýasy maksatlary bolmandy. Olaryň herekete goşulmaklygy daşardan gönükdirilmeýär, gaýtam hut öz sogap iş etmeklik duýgysyndan döreýär".

Fethullah Güleniň ýazmagyna görä, onuň özi 50 ýyldan bäri parahatçylygy, raýdaşlygy, birek-birege hormat goýmaklygy we özüňi sogap iş etmeklige bagyşlamaklygy ündäpdir hem öwredipdir: "Magaryf, jemgyýetçilik işleri bilen dinleriň arasyndaky raýdaşlygy ündedim we goldadym. Hemişe özge adamlaryň bagtlylygyny öz bagtym hasapladym. Eýe bolan güýjümden hemişe wyždanyma görä hereket edip, adamlara peýdaly magaryf we jemgyýetçilik aladalarynyň ýaýradylmagy üçin peýdalandym. Syýasy häkimiýet bilen gyzyklanmadym.

Özüm bilen bilelikde "Hyzmat" hereketiniň ummasyz köpçüligi öz wagtynda häkimiýetdäki partiýanyň syýasatyny goldady. 2005-nji ýylda Ýewropa Bileleşigi bilen agzalyk gepleşiklerine başlanmagy hem şol syýasata degişlidi. Häzirki tankytlarymyz ýaly, şol wagtky goldawymyz hem prinsiplere esaslanýardy. Jemgyýete çuňňur täsir edýän hökümetiň syýasaty barada gürlemeklik öz hak-hukugymyz we boýnumyzdaky borçdur.

Korrupsiýa we awtoritarizme garşy demokratik çykyşlarymyz bizi tötänlikde pidalara öwürdi, şol bir wagtyň özünde-de "Hyzmat" hereketine we meniň şahsyýetime garşy metbugatda garalamak kampaniýalary alnyp barlyp, kanun taýdan gözlenýänleriň hataryna goşuldyk.

Türkiýä çagyryş

Türkiýäniň jemgyýetiniň bütin gatlaklaryndan emele gelen "Hyzmat" hereketiniň adamlary hem hökümet edaralarynyňdyr guramalarynyň we hususy pudagyň işlerine gatnaşýarlar. Elbetde, ýurduň kanunlaryna we öz işleýän guramalarynyň we edaralarynyň kadalaryna görä esasy ahlak prinsipleriniň çäginde hereket edýän bu raýatlaryň esasy kanundaky hak-hukuklary elinden alnyp bilinmez.

"Hyzmat" hereketi maksatlaryna edilýän görübilmezçilik zerarly göz-görtele ýekirilip bilinmez. Jemgyýetiň haýsam bolsa islendik bir toparyny ýekirip, ony häkimiýete howp hasaplamaklyk çydamsyzlygyň alamatydyr.

Biz ”AKP-niň” gysyşlarynyň ýeke-täk pidalary däldiris. Parahat ilatdan närazylyk bildirýänler, kürtler, alewitler, musulman bolmadyk raýatlar, häkimiýetdäki partiýa bilen gatnaşygy bolmadyk käbir sünni toparlar hem kynçylyk çekýärler.

Töwellalar hem duýgudaşlyklar bolmasa, hiç bir raýat ýa-da topar häkimiýet başyndaky partiýanyň gazabyndan sypyp bilenok. Dini ynanjyna garamazdan, raýatlar Ählumumy adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň çäginde birleşmelidirler, şeýle gymmatlyklary basgylaýanlara garşy demokratik göreş alyp barmalydyrlar".

Fethullah Gülen "The New York Times" gazetindäki çykyşyny şeýle jemleýär:

"Türkiýe [häzirki wagtda öz syýasy durumynda] şeýle bir derejä ýetipdir welin, muny suratlandyrmak üçin, demokratiýanyň we adam hukuklarynyň döşünden itilýär diýse bolar. Häkimiýetdäkiler raýyndan gaýdar diýip, umyt we doga-dileg edýärin. Taryhdan ugur alsak, öz saýlan liderleri demokratik ýoldan yüz öwrende, Türkiýäniň halky hem şol liderlerden ýüz öwrüpdi. Olar [bu gezegem] ýurduň geljegini düzetmek üçin öz kanuny we demokratik hukuklaryndan peýdalanarlar diýip umyt edýärin".

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG