Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Poroşenko täze teklip işlär diýýär


Kreml Putin german kansleri Angela Merkel we fransuz prezidenti Fransua Olland bilen «konstruktiw gepleşik» geçirdi diýýär.

Kreml Putin german kansleri Angela Merkel we fransuz prezidenti Fransua Olland bilen «konstruktiw gepleşik» geçirdi diýýär.

Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko gündogar Ukrainadaky konflikti soňlamagy maksat edinýän teklibiň işläp biljegini aýdýar.

Poroşenko bu pikiri Mýunhende geçýän howpsuzlyk konferensiýasyna geleninden gysga wagt soň aýtdy.

Ol german kansleri Angela Merkel we fransuz prezidenti Fransua Olland bilen 5-nji fewralda Kiýewde, 6-njy fewralda rus prezidenti Wladimir Putin bilen Moskwada ara alnyp maslahatlaşylan teklibi nazarda tutýar.

«Roýters» habar gullugy Poroşenkonyň bu teklip işläp bilermi diýen soraga «Hawa» diýendigini ýazýar.

«Konstruktiw gepleşik»

German we fransuz liderleriniň Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen geçiren bäş sagatdan gowrak gepleşigi Ukrainadaky krizisi çözmek ylalaşygy babatda bir sözem aýdylman soňlandy.

Kremliň sözçüsi Dmitriý Peskow Putin Moskwada 6-njy fewralda german kansleri Angela Merkel we fransuz prezidenti Fransua Olland bilen «konstruktiw gepleşik» geçirdi diýdi.

Kreml gepleşiklerinde nämäniň ara alnyp maslahatlaşylandygy baradaky jikme-jiklikler aýdylmady.

Peskow liderler belarus paýtagty Minskde, sentýabrda gelnen ýaraşyk şertnamasynyň durmuşa geçirilmegi babatda düzülmegi mümkin bilelikdäki dokument üstünde işlemegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar diýdi.

Ol Putin, Merkel, Olland dagy 8-nji fewralda ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen telefonda maslahat eder diýdi.

Waşingtonda bu duşuşyga ynamsyzlyk bilen garaldy.

«Men bu olaryň [aýdylýan zatlary] diňleýändigini aňladýan pozitiw alamat diýip biljek däl» diýip, Döwlet departamentiniň sözçüsi Mariýe Harf Orsýeti nazara alyp aýtdy. «Olar diňlediler. Ýöne olar hiç bir hereket etmediler.»

«Ilkinji ädim»

Olland Orsýete gelmezinden öň bu gepleşikleri «ilkinji ädim» atlandyrdy, Merkel bolsa Moskwadaky duşuşygyň ýaraşyk ylalaşygyna getirjegi açyk-aýdyň däl diýdi.

Merkel we Olland 5-nji fewralda Kiýewe baryp, Poroşenko bilen özleriniň täze parahatçylyk teklibi diýip atlandyran planlaryny maslahatlaşdylar.

Gündogar Ukrainada 2014-nji ýylyň aprelinden bäri ukrain hökümet güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda barýan söweşlerde 5350-den gowrak adam öldürildi we Günbatar bilen Orsýetiň arasynda Sowuk uruş döwründen bäri görülmedik krizis döredi.

Zorlukly wakalaryň dekabrdaky köşeşmesinden soň, birnäçe ýerde darkaş turdy.

Debaltsewe, Donetsk bilen Luhansk, pitneçiler tarapyndan eýelenen iň uly şäherleriň arasyndaky ortalyk nokat söweşiň esasy gyzan ýeri boldy.

6-njy fewralda, Debaltsewede galan asuda adamlaryň howpsuz ýere çykmagyna şert döretmek üçin, gysga wagtlyk ýaraşyk gurnaldy.

Iki tarap hem awtobus kerwenlerini iberip, ýaşaýjylara öz isleglerine görä, hökümet ýa-da pitneçiler territoriýasyna çykmaga mümkinçilik berdi.

Hökümetiň awtobuslary adamdan doly gaýtdy, pitneçileriň awtobuslary bolsa köplenç boş dolandy.

Ýarag kömegi berilmelimi?

Germaniýa bilen Fransiýanyň täze diplomatiki tagallalary prezident Barak Obamanyň ukrainalylary ýaraglandyrmalymy ýa däl diýen meseläni ara alyp maslahatlaşýan wagtyna gabat geldi, ýewropa liderleriniň köpüsi ýaraglandyrmak meselesine garşy çykýar.

Birleşen Ştatlaryň generaly Filip Bridlowe 6-njy fewralda, NATO-nyň ýokary harby komandirleriniň Mýunhende geçirilen howpsuzlyk duşuşygynda özüniň ýarag ibermegiň tarapyndadygyny ýaňzydyp, Günbatar «gural torbasyndaky ähli guraly» ulanmaly diýdi.

Emma Germaniýanyň goranmak ministri Ursula won der Leýen şol konferensiýada «Ýarag ibermek bilen, biziň Ukrainadaky halkyň ýagdaýyny gowulandyrjagymyza gözümiz ýetikmi? Biz hakykatdanam Ukraina Orsýetiň harby maşynyna garşy durup, ýeňip biler öýdýärismi?» diýdi.

Günbatar ýurtlary Putini pitneçilere ýarag we esger kömegini ibermekde aýyplaýarlar, Moskwa pitneçilere ýardam berýändigini ret edýär.

Pitneçiler ýanwarda hüjüme başlap, uly ilerleme etdiler.

Ýewropa we ABŞ 'bile durmaly'

ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasyna ugramazyndan öň, Brýusselde çykyş edip, Ýewropa bilen ABŞ-nyň «birlikde durmagyna» çagyrdy.

"Orsýete Ýewropanyň kartasyny täzeden çyzmaga rugsat berip bolmaz, sebäbi olar edil şuny edýär» diýip, Baýden aýtdy.

Ukrainanyň premýer-ministri Arseniý Ýatsenýuk harby kömek barada täze haýyş bilen ýüzlendi.

"Ýewropadaky parahatçylyk Ukrainadaky parahatçylyga bagly, bu parahatçylygy gazanmak üçin Ukrainanyň özüni goramak serişdeleri bolmaly. Hüjüm operasiýalary üçin däl, goranmak operasiýalary üçin» diýip, ol aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG