Sepleriň elýeterliligi

Adam ölümi gozgalaň turuzdy


Günorta Gazagystanda bir oba ýaşaýjysynyň öldürilmegi zorlukly protestleriň turmagyna sebäp boldy.

Regional polisiýa bölümi 5-nji fewral agşamy Yntymak obasynda turan gozgalaňda birnäçe myşynyň otlanandygyny, bir topar jaýa zyýan ýetendigini aýtdy.

Bu gozgalaň ýerli ýaşaýjy Bagtyžan Artykow 4-nji fewralda goňşulykdaky Bostandyk obasynyň ýanynda pyçak ýarasy bilen öli tapylandan soň turdy.

Resmiler obanyň jenaýatda güman edilýän ýaşaýjysy Nawmetdin Narmetowyň tapylmaýandygyyn aýdýarlar.

Regionyň polisiýa ofiseri Azatlyk radiosyna ýerli täjikler bilen gazaklaryň arasyndaky düşünişmezlikleriň bidüzgünçilige sebäp bolandygyny aýtdy.

Ýerli häkimiýetler Yntymaga polisiýa we goşun esgerleri eltilenden soň asudalyk aralaşandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG