Sepleriň elýeterliligi

Ýazidileriň köpçülik mazary tapyldy


Yrak resmisi 7-nji fewralda ýurduň demirgazygynda ýazidi dini toparyna degişli 23 adamyň galyndylarynyň tapylandygyny aýtdy.

Bu Yrakda bir hepde içinde tapylan ikinji köpçülik mazarydyr.

Bardiýan obasynyň golaýyndan tapylan köpçülik mazarlygy YD jeňçileriniň kürt güýçleri tarapyndan gysylyp çykarylmazyndan öň eden zalymlyklarynyň ýene bir subutnamasydyr.

Kürt regional hökümetiniň resmisi bu mazarlygyň 6-nji fewralda tapylandygyny aýtdy. 1-nji fewralda şu ýerden biraz günortada, 27 çemesi ýazidiniň gana boýalan jesedi tapylypdy.

XS
SM
MD
LG