Sepleriň elýeterliligi

YD yraklylary diri ýakýar


Resmiler we şaýatlar YD jeňçileriniň Yragyň günbataryndaky Anbar welaýatynda azyndan üç adamy diri ýakandygyny aýdýarlar.

Pidalar Bagdadyň 200 km günbatarynda ýerleşýän Hit şäherine golaý ýerleriň ýaşaýjylary bolup, Yragyň howpsuzlyk güýçlerine jeňçiler barada maglumat bermekde güman edilipdir.

Biziň habarçymyzyň aýtmagyna görä, jeňçi topar ol adamlary halky «Yslam döwleti» toparyna garşy göreşýän tire güýçlerine goşulmaga çagyrmakda hem aýyplapdyrlar.

Anbar resmileri pidalaryň biriniň ozalky polisiýa ofiseri bolandygyny aýtdylar.

Töweregiň ýaşaýjylary adam otlanan ýere gelmäge we olaryň ýanyp ölşüni görmäge mejbur edilipdir.

XS
SM
MD
LG