Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gadagan kino Berlinde görkezilýär


Eýranly dissident Jafar Panahiniň täze kinosy Berlindäki halkara kinofestiwalynda görkezildi.

5-15-nji fewral aralygynda geçirilýän ýyllyk festiwalyň ilkinji ekrana çykaran filmleriniň biri, 6-njy fewralda, Panahiniň «Taksi» diýen kinosy boldy.

Eýranyň paýtagty Tährandaky durmuşy suratlandyrýan kino festiwalyň çeper filmlere berilýän «Altyn aýy» baýragyny almak ugrunda bäsleşýär.

Panahi özüniň ugurdaş beýanatynda «Men kinodan başga hiç zat edip bilmeýärin, kino meniň pikirim we durmuşymyň manysy» diýdi.

Panahi 2010-njy ýylda alty ýyl türme tussaglygyna, 20 ýyl kino döretmezlige, kinossenariý ýazmazlyga, interwýu bermezlige we ýurtdan çykmazlyga höküm edildi.

Ol gözenek arkasynda däl, emma häkimiýetleriň meýline görä islendik wagt tussag edilip biler.

Panahi öz filmleri üçin birnäçe sylag aldy, şol sanda 2012-nji ýylda Ýewropa parlamentiniň pikir azatlygy üçin Saharow baýragyna hem mynasyp boldy.

XS
SM
MD
LG