Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Atyşykda azeri esgeri öldürildi


Azerbaýjan bölüniji Dagly-Garabag regionyna golaý ýerde bolan atyşykda bir esgeriniň öldürilendigini aýdýar.

Goranmak ministrligi esger Farid Agaýewiň 5-nji fewralda ermeni esgerleri bilen atyşykda agyr ýara alandygyny we soň ýarasyndan ölendigini aýtdy.

Soňky hepdelerde bolan atyşyklarda Azerbaýjan we Ermenistan tarapdan birnäçe esger wepat boldy.

Baku bilen Ýerewan bir-birini ýaraşyk şertnamasyny bozmakda aýyplaýar. Bu iki ýurduň arasynda Dagly-Garabag üstünde 25 ýyla golaý ozal turan konflikt zerarly dartgynlylyk dowam edýär.

Ermenistan tarapyndan goldanylýan separatistler 1990-njy ýyllaryň başynda turan we 30 müň adamy öldüren uruş mahalynda esasan etniki ermenilerden durýan regiony ele geçirdiler.

XS
SM
MD
LG