Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bagdatda partlamalar boldy


Bagdatdaky bomba partlamalarynda azyndan 13 adamyň ölendigi aýdylýar.

Bu partlamalar uzak wagtlyk komendant sagadynyň ýatyrylmazynyň öň ýanynda boldy.

"Assoşeýted Nýus" habar gullugy polisiýa resmilerine salgylanyp, 7-nji fewralda paýtagtyň gündogar böleginde, Täze Bagdatda bolan partlamanyň azyndan 13 adamy öldürendigini, 30 adamy bolsa ýaralandygyny aýdýar.

«Roýters» habar gullugy şäher resmilerine salgylanyp, Şarka bazarynyň hem bomba nyşanasy bolandygyny ýazýar.

Resmiler bu iki hüjümde jemi 23 adamyň ölüp, azyndan 50 adamyň ýaralanandygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG