Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Merkel: parahatçylyk perspektiwalary aýdyň däl


German kansleri Angela Merkel rus prezidenti Wladimir Putin bilen gepleşiklerden soň, Ukrainadaky parahatçylyk perspektiwalarynyň aýdyň bolman galýandygyny aýtdy.

Merkel 7-nji fewralda, Mýunhende geçirilýän howpsuzlyk konferensiýasynda çykyp gürledi.

Bu konferensiýada aprelden bäri gündogar Ukrainada 5350-den gowrak adamy öldüren konflikt baradaky aladalar agdyklyk edýär.

German kansleri Moskwada fransuz prezidenti Fransua Ollandyň hem gatnaşmagynda, rus prezidenti Wladimir Putine parahatçylyk planyny teklip etdi.

Bu plan bir gün öň Kiýewde ukrain prezidenti Petro Poroşenko bilen hem maslahatlaşylypdy.

"Düýn Moskwada fransuz prezidenti bilen bilelikde geçiren gepleşiklerimizden soň, men parahatçylyk plany ýol alar diýip biljek däl. Emma meniňçe we fransuz prezidentiniň pikirine görä, bu synanyşyp göreniňe degýär. Biz Ukrainada bu wakalaryň täsirini ýetiren adamlarynyň öňünde borçly» diýip, Merkel aýtdy.

XS
SM
MD
LG