Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistanlylaryň daşardaky kynçylyklary


Türkmen ilçihanasynyň işigi: Amerikan şahyry Sarah Browning Waşingtonda ýogalan türkmen şahyry S.Öwezberdini ýatlady, 24-nji sentýabr, 2011 ý.

Türkmen ilçihanasynyň işigi: Amerikan şahyry Sarah Browning Waşingtonda ýogalan türkmen şahyry S.Öwezberdini ýatlady, 24-nji sentýabr, 2011 ý.

Türkmenistanyň raýatlary 1991-nji ýylda SSSR darganyndan soň, ilki az möçberde, soňra bolsa biraz köp möçberde daşary ýurtlara çykmaga, dürli ýurtlarda okamaga, işlemäge we ýaşamaga mümkinçilik aldylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň baş kanuny, kanun-kada çäklerinde, öz raýatlaryna ýurtdan çykmak we ýurda dolanyp gelmek hukuklaryny berýär. Şonuň bilen birlikde, hökümet öz daşary ýurtlardaky raýatlaryna kanun çäginde kömek, ýardam bermek borçlaryny hem üstüne alýar.

Bu işde Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, konsulhanalarynyň işgärleriniň üstüne uly wezipe düşýär.

Emma durmuş ýüzünde daşary ýurtlardaky türkmen wekillerine ýüz tutup, kömek-ýardam almagyň beýle bir aňsat däldigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň «Dünýä türkmenleri» gepleşiginiň nobatdaky sanynda şu mesele ele alynýar.

Söhbeti diňläp, öz tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG