Sepleriň elýeterliligi

Putin ABŞ 'agalyga ymtylýar' diýýär


"Orsýet bu hili dünýä düzgüninden hiç wagt kanagatlanmaz" diýip, Putin Soçide eden çykyşynda aýtdy.

"Orsýet bu hili dünýä düzgüninden hiç wagt kanagatlanmaz" diýip, Putin Soçide eden çykyşynda aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Orsýet Günbataryň Sowuk uruş stilindäki bökdeme tagallalary bilen ýüzbe-ýüz bolýar diýdi we onuň ABŞ-nyň dünýä agalygyny saklamak tagallasy diýip häsiýetlendiren ýagdaýyna garşy durjagyny aýtdy.

Emma muňa garamazdan, Putin Orsýet «kimdir birlerine garşy uruşmagy» planlaşdyrmaýar diýip, görnüşinden, Moskwanyň agressiýasynyň çäkleri babatda kelle döwýän günbatar hökümetlerini köşeşdirmek maksady bilen aýtdy.

Putiniň 7-nji fewralda aýdan sözleri onuň Ukrainadaky gatyşmalary sebäpli Moskwa garşy sanksiýa girizen Birleşen Ştatlary we Ýewropa Bileleşigini aýyplap aýdan zatlarynyň soňkularydyr. ABŞ bilen ÝB Moskwany gündogar Ukrainada hökümet güýçlerine garşy söweşýän separatistlere goldawyny bes etmäge çagyrýar.

"Biziň ýurdumyza garşy uruş alnyp barylýar diýen pikir barada aýdylanda, hudaýa şükür, bu ýerde uruş ýok» diýip, ol Soçi şäherinde profsoýuzlaryň gurultaýynda eden çykyşynda aýtdy. "Emma biziň ösüşimizi dürli esaslarda bökdemek synanyşygynyň bardygy örän açyk" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Putin görnetin Birleşen Ştatlary nazara alyp, Sowet Soýuzy synandan soň dörän dünýä düzgüninde «ýeke-täk garşysyna çykylmaýan bir lider emele geldi we ol şeýleligine, ýagny özüne hemme zat etmäge ygtyýar berlen, emma beýlekiler diňe onuň rugsat beren zadyny we onuň bähbitlerine laýyk gelýän zady etmeli görnüşde galmak isleýär» diýdi.

«Orsýet bu hili dünýä düzgüninden hiç wagt kanagatlanmaz» diýip, Kremliň ýazgysyna görä, Putin aýtdy.

«Käbirleri döwletde ýarym okupasiýada hem ýaşap biler, biz muny etmeris. Emma biz kimdir birlerine garşy uruşmak islemeýäris, biz her kes bilen hyzmatdaşlyk etmek niýetinde" diýip, ol aýtdy.

Ol Gara deňiz boýundaky kurort şäherde bu duşuşygy geçirýän mahaly Günbataryň uly resmileri we ukrain prezidenti Petro Poroşenko Mýunhendäki howpsuzlyk konferensiýasyna toplanyp, Orsýete basyşy artdyrmagyň maslahatyny edýärdiler. Putin hem 2007-nji ýylda bu ýyllyk maslahata gelip, Birleşen Ştatlary we Günbatary tankytlap, uly söz sözläpdi.

Putiniň bu bellikleri ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň täze milli howpsuzlyk strategiýasyny çap edeninden bir gün soň aýdyldy, Ak tamyň täze howpsuzlyk strategiýasynda Orsýet regional bozgak we halkara durnuklylygyna wehim hökmünde suratlandyrylýar.

Putin Soçide çykyş edeninden biraz wagt soň ABŞ-nyň wise-prezidenti Jo Baýden Mýunhende söz sözläp, Orsýeti Ukraina gatyşmakda we ýurtda Kremliň opponentlerine ýowuz daramakda berk tankyt etdi.

Baýden Orsýet Ukrainadaky ugruny üýtgedýänçä halkara jemgyýetçiligi Moskwadan «çykdajy çykarmagy» dowam eder diýip, ABŞ-nyň we ÝB-niň ykdysadyýeti we Putiniň ýaranlaryny nyşana alýan sanksiýalaryny nazara alyp aýtdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG