Sepleriň elýeterliligi

Uçarlar YD-a zarba urýar


ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýa Siriýadaky we Yrakdaky «Yslam döwleti» toparynyň nyşanalaryna ýigrimiden gowrak howa zarbasyny urdy.

Koalisiýanyň beýanatynda soňky 24 sagatda, ýagny 7-nji fewral säherine çenli Siriýadaky YD nyşanalaryna 11, Yrakdaky nyşanalara bolsa 15 howa zarbasynyň urlandygy aýdylýar.

Siriýanyň Britaniýada ýerleşýän Adam hukuklary obserwatoriýasy koalisiýanyň tapgyr ikinji gün Rakka şäheriniň töweregindäki jeňçileri bombalandygyny, 6-njy fewralda azyndan 30 jeňçiniň öldürilendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG