Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganlar Pakistandan gaçýar


Halkara Mirgasiýa guramasynyň Owganystandaky missiýasynyň başlygy 16-njy dekabrda Peşewar mekdebine edilen «talyban» hüjüminden soň, ýanamalardan gutulmak üçin, müňläp owganyň ýurtdan gaçýandygyny aýdýar.

Peşawar mekdebine edilen hüjümde 150-ä golaý çaga öldürilipdi. Riçard Danziger 7-nji fewralda «Roýters» habar gullugy bilen söhbetdeş boldy.

Ol ýanwarda 22 müňden gowrak dokumentsiz owganystanlynyň Pakistanyň Torham serhedinden geçendigini aýtdy.

Bu 2014-nji ýylda Pakistandan Owganystana geçen adamlaryň sanynyň iki essesinden hem kän diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de ol ýanwarda 1500 çemesi owganyň Pakistandan deportasiýa edilendigini aýtdy. Bu dekabrda deportasiýa edilen owganlaryň sanynyň iki essesidir.

XS
SM
MD
LG