Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda komendant sagady ýatyryldy


Bagdatda hökümet gijeki komendant sagady düzgünini ýatyrdy. Adamlar on ýylda birinji gezek gijäniň ýaryndan soň Yrak paýtagtynyň köçelerine çykyp, şatlyk-şagalaň etdiler.

Bu komendant sagady 2004-nji ýylda, şondan bir ýyl öň ýurda amerikan goşunlarynyň salynmasyndan soň möwjän sektantçylyk zorluklaryna jogap hökmünde girizilipdi.

Emma 7-nji fewralda Bagdadyň dürli ýerlerinde bolan 7 partlama yraklylaryň has rahat we elýeterli paýtagt gatnaşygyna gowuşgynsyzlyk saldy.

Partlamalar netijesinde azyndan 40 adam öldi, olaryň aglabasy asuda ilata degişli. Howpsuzlyk we saglyk resmileri partlamalarda onlarça adamyň ýaralanandygyny hem aýtdylar.

XS
SM
MD
LG