Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: ölenleriň has kändigi çaklanýar


Germaniýanyň aňtaw çeşmelerine salgylanan gazet gündogar Ukrainada ölen adamlaryň sanynyň resmi sanlarda aýdylýanyndan tas 10 esse kändigini ýazýar.

«Frankfurter Allgemeine Sonntagszeitung» 8-nji fewralda ady aýdylmadyk german aňtaw çeşmesine salgylanyp, 2014-nji ýylyň aprelinden bäri dowam edýän konfliktde 50 müň çesmesi adamyň öldürilendigini ýazdy.

Bu ukrain hökümeti ýa-da BMG tarapyndan berilýän resmi maglumatlardan has kändir.

Ukrain prezidenti Petro Poroşenko 7-nji fewralda Mýunhen konferensiýasynda çykyp gürläp, Donbas regionynda ukrain güýçleri bilen orsýetçi separatistleriň arasynda barýan söweşlerde 1200 esgeriň, 5400 asuda adamyň öldürilendigini aýtdy.

BMG-niň 3-nji fewralda çap eden maglumatynda bu konfliktde 5400-e golaý adamyň ölendigi aýdylýar. Gazetiň salgylanýan aňtaw çeşmesi bu sanlaryň gaty «pesdigini we ynamdar däldigini» öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG