Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Minskde Ukraina sammiti geçiriler


Berlindäki resmiler Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň we Orsýetiň liderleriniň şu hepde gündogar Ukrainadaky konflikti soňlamaga gönükdirilen sammit geçirmekçidigini aýdýarlar.

German kansleri Angela Merkeliň sözçüsi bu plany Merkeliň, fransuz prezidenti Fransua Ollandyň, ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň we rus prezidenti Wladimir putiniň arasynda bolan "giňi“leýin" telefon maslahatyndan gysga wagt soň yglan etdi.

11-nji fewralda geçiriljek duşuşyk 2014-nji ýylyň sentýabrynda baglaşylan, emma gaýta-gata bozlan ýaraşyk şertnamasynyň saklanmagy üçin täze, goşmaça şertleri döreder diýip umyt edilýär.

Poroşenko öz websaýtynda çap edilen beýanatda Minsk sammitiniň gündogar Ukrainada söweşýän ukrain goşunlary bilen orsýetçi separatistleriň arasynda «çalt we hiç bir gep-gürrüňsiz ýaraşyga» getirjegine umyt bildirdi.

Orsýetiň prezidenti Sergeý Lawrow bu gepleşiklerden «möhüm kararlaryň gelip çykmagyna» garaşýandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG