Sepleriň elýeterliligi

Putin: Ýadro gepleşiklerinde öňe gidişlik boldy


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Tähranyň ýadro programmasy boýunça Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly alty ýurdunyň arasyndaky gepleşiklerde “möhüm öňe gidişligiň” bolandygyny aýtdy.

9-njy fewralda Müsüriň döwlet eýeçiligindäki “Al-Ahram” neşirinde çap bolan interwýuda Putin: “Esasy mesele hiç kim çylşyrymly meseläniň deňagramly we adalatly çözgüdi üçin zerur bolanyndan has köp ylalaşmaga ýa-da birtaraplaýyn bähbitleri aramaga çalyşmaly däldir” diýýär.

Putin bu sözleri Eýranyň baş ruhy lideri Aýatollah Ali Hameneýiniň eden çykyşyndan bir gün soň mälim etdi. Hameneýi öz çykyşynda dünýäniň iň kuwwatly ýurtlary bilen Eýranyň arasyndaky gepleşiklerde hiç bir tarapyň öz isleýän ähli zadyna eýe bolmajak “gowy” ýadro ylalaşygyny goldaýandygyny belläp geçipdi.

Birleşen Ştatlar, Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Russiýa we Germaniýa Tähranyň ýadro programmasy boýunça Eýran bilen hemişelik ýadro ylalaşygyny baglaşmak boýunça gepleşikleri geçirýärler.

XS
SM
MD
LG