Sepleriň elýeterliligi

Täjigistanda 11 adam tussag edildi


Täjigistanyň resmileri Yslam dininiň gadagan edilen şahasynyň tarapdary bolmakda güman edilýän 11 adamy tussag etdiler.

Täjik Içeri işler ministrliginiň 9-njy fewralda beren maglumatyna görä, 11 şübheli Täjigistanyň demirgazygyndaky Sugd welaýatynda tussag edildi.

Täjik derňewçileriniň aýtmagyna görä, gürrüňi gidýän şübheliler Yslam dininiň Salafi akymyna eýerýär. Bu akym ekstremist diýlip atlandyrylyp, 2008-nji ýylda Täjigistanda gadagan edilipdi.

Geçen ýylyň dekabr aýynda Täjigistanyň sudy dört adamy Yslam dininiň Salafi akymyna eýermekde günäli tapyp, höküm edipdi.

XS
SM
MD
LG