Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Hüjümlerde 14 adam öldi


Yragyň howpsuzlyk resmileriniň we medisina işgärleriniň aýtmagyna görä, 9-njy fewralda Bagdatda şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitine edilen bombaly hüjümlerde azyndan 14 adam öldürildi.

Polisiýanyň berýän maglumatyna görä, Bagdadyň demirgazygyndaky Kadamiýah etrabynda janyndan geçeniň eden bombaly hüjüminde azyndan 13 adam öldürildi we başga-da 30-dan gowragy ýaralandy.

Bu hüjümden birnäçe sagat soň, Bagdadyň Husseniýah sebitindäki gyzgalaňly köçede bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan bir adam öldi, şeýle-de ýedi sanysy ýaralandy.

Bu hüjümleriň jogapkärçiliginiň henize çenli hiç kim öz üstüne almady.

Yrakda “Yslam döwleti” ýaly sünni ekstremist toparlar şaýy musulmanlarynyň ýaşaýan sebitini ýygy-ýygydan nyşana alýarlar.

XS
SM
MD
LG