Sepleriň elýeterliligi

Täjik esgeri keselhana ýerleşdirildi


Täjigistanda harby gulluga çagyrylan esger öz janyna kast etmäge synanyşandan soň, keselhana ýerleşdirildi.

Täjik paýtagty Duşanbedäki “Karabolo” atly lukmançylyk merkeziniň doktorynyň 9-njy fewralda beren maglumatyna görä, Najmiddin Kaýumow kellesindäki ok ýaralary bilen geçen hepde keselhana ýerleşdirilipdir.

Kaýumowyň dogan-garyndaşlary harby gulluga çagyrylan esgeriň saglyk ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdiler.

Kaýumow bilen birlikde harby gulluk borjuny ýerine ýetirýän ýetirýän esgerleriň aýtmagyna görä, Kaýumow “AK-47” kysymly tüpeň bilen özüni atypdyr.

Metbugat serişdelerinde çykan maglumatlarda Kaýumowyň harby gulluk döwri ýüz berýän “atalyk”, ýagny “dedowşina” faktoryna pida edilenden soň, öz janyna kast etmäge synanyşan bolmagynyň mümkindigi bellenilýär.

XS
SM
MD
LG