Sepleriň elýeterliligi

Merkel Waşingtona sapar edýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Birleşen Ştatlaryň paýtagty Waşingtona bardy. 9-njy fewralda Merkeliň Ukrainadaky konflikt barada Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Merkeliň Waşingtona edýän bu sapary, Germaniýanyň hökümeti Ukrainadaky urşy maslahat etmek üçin Germaniýanyň, Fransiýanyň, Ukrainanyň we Russiýanyň liderleriniň 11-nji fewralda Minskde duşuşmagy planlaşdyrýandygyny mälim etmeginiň yzýanyna gabat geldi.

Merkeliň metbugat sözçüsi gürrüňi gidýän plany Merkeliň, fransuz prezidenti Fransua Ollandyň, ukrain prezidenti Petro Poroşenkonyň we rus prezidenti Wladimir Putiniň arasynda bolan “giňişleýin” telefon gepleşiginden gysga wagt soň mälim etdi.

Waşingtonda Merkeliň Birleşen Ştatlaryň ukrain harbysyny ýaraglandyrmak barada eden çagyryşyna Germaniýanyň garşydygyny ýene bir sapar aýtmagyna garaşylýar.

XS
SM
MD
LG