Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Steinmeier: Ukraina boýunça sammit şübheli


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank Walter Steinmeier Ukrainadaky krizis boýunça 11-nji fewralda parahatçylyk sammitiniň geçiriljekdigine şübhe bildirdi. Ol teklip edilen bu duşuşygyň Minskde geçiriljeginiň anyk däldigini aýtdy.

Steinmeier 9-njy fewralda Brýusselde eden çykyşynda Orsýetiň, Ukrainanyň, Fransiýanyň we Germaniýanyň liderleriniň duşuşygyna çenli entek “açyk görnüşde” köp işiň edilmelidigini aýtdy.

Ol “Ukrainadaky konflikt biz, ýewropalylar üçin, hemişelik howpsuzlygyň Orsýete garşylykda däl-de, onuň bilen bilelikde gazanylmalydygyny aňladýar” diýdi.

Ýewropa Bileleşiginiň ​garaýyşy

Şol bir wagtyň özünde-de Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler ministrleri Orsýete we gündogar Ukrainadaky orsýetparaz separatistlere häzirki dowam edýän ýaragly konfliktdäki oýnaýan roly üçin temmi bermek meselesinde täze sanksiýalary girizmek boýunça ses berişligiň öňüsyrasynda Ukrainanyň hökümet güýçleriniň ýarag bilen üpjün edilmegine degişli soragda ylalaşyga gelip bilmediler.

Bu meseläniň Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň 9-njy fewralda agşam prezident Barak Obama bilen gepleşiklerinde gozgalmagyna garaşylýar.

Merkeliň Waşingtondaky duşuşykda Germaniýanyň ABŞ-nyň ukrain harbylaryny ýarag bilen üpjün etmegi ugrundaky çagyryşlara garşydygyny ýene bir gezek öňe sürjekdigi çak edilýär.

Germaniýa Minsk sammitini geçirmek teklibini geçen hepdäniň aýagynda Merkeliň, Fransiýanyň prezidenti Fransua Hollandyň, Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenkonyň we Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň arasyndaky telefon söhbetdeşliginde öňe sürüpdi.

Orsýetiň pozisiýasy

Kremliň 9-njy fewralda yglan etmegine görä, Putin Ukraina boýunça ultimatumy kabul etmez.

Putin Minsk sammitiniň entek kesgitsizdigini belledi. Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko bilen Soçide geçiren ikitaraplaýyn gepleşikleriniň dowamynda Putin, eger agzalan dört lider 11-nji fewrala çenli “ençeme meseleler” boýunça özara ylalaşyga gelmeseler, onda Minskde duşuşygyň bolmajakdygyny duýdurdy.

Şeýle-de 9-njy fewralda Müsüre iki günlük saparyna başlaýan Putiniň Müsüriň “Al-Ahram” döwlet neşirine aýtmagyna görä, Ukrainanyň hökümeti gündogar Ukrainada harby operasiýalaryny ýatyrmaly we separatistleriň elindäki regionlara ykdysady basyş etmegini duruzmaly. Putin Kiýewiň “petige direlip, uly betbagtçylygyň bosagasynda durandygyny” aýtdy.

Putin ýagdaýyň durnuklaşmagy boýunça zerur şertiň ok atyşygy derhal bes etmekden ybaratdygyny bildirdi we “günorta-gündogar Ukrainada jezalandyryş operasiýa” ýatyrylmaly diýdi.

Putin öz bu garaýşyny dynç günleri Mýunhende geçirilen howpsuzlyk konferensiýasynda Ukraina boýunça edilen ýiti çykyşlaryň yzysüre mälim etdi.

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Baýden Orsýeti Ukraina harby goşun ibermekde we Ukrainadaky graždanlyk urşunda esasy rol oýnamakda aýyplady.

XS
SM
MD
LG