Sepleriň elýeterliligi

Pakistandaky türkmenlere näme garaşýar?


Pakistandaky etnik türkmenler

Pakistandaky etnik türkmenler

Owganystanda uzaga çeken durnuksyzlyk sebäpli ýyllaryň dowamynda türkmenleriň bir bölegi goňşy Pakistanda ýerleşdi. Bu göhä-göçlük onlarça ýyl dowam edip, Pakistanda türkmenleriň täze bir nesli kemala geldi.

Olaryň sany barada takyk maglumat ýok, emma Pakistanda häzirki döwürde on müňlerçe etniki türkmenleriň ýaşaýandygyny aýtmak mümkin, olaryň käbirleri kanuny statusa eýe bolsa, käbirleri-de henizem gaçgak bosgun hökmünde ýaşaýarlar. Ýakynda Pakistanyň hökümetiniň bikanun bosgunlary şu ýylyň aýagyna çenli ýurtdan çykarmak barada yglan eden karary, olaryň durmuşyna hem erbet täsir ýetirer.

Azatlyk Radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň şu günki sanynda Pakistandaky türkmenleriň, esasanam şol ýurtda bikanun ýagdaýda bolan ildeşlerimiziň durmuşyna ýakyndan syn edip, olaryň häzirki problemalary, mundan beýläk etjek hereketleri bilen tanyşmakçy.

Hemmäňizi bu temadan bilýän maglumatlaryňyz, pikirdir-garaýyşlaryňyz, teklipdir-bellikleriňiz we teswirleriňiz bilen gepleşige goşant goşmaga çagyrýarys. Pikirleriňizi aşakdaky forumda galdyryp bilersiňiz, eger biziň bilen habarlaşmak isleseňiz, elektron salgymyz: hat@azatradio.org

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG