Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Sawçenkonyň tussaglyk möhletiniň uzaldylmagy soralýar


Russiýada açlyk yglan eden ukrainaly harby pilot Nadia Sawçenko. 10-njy fewral, 2015 ý.
Russiýada açlyk yglan eden ukrainaly harby pilot Nadia Sawçenko. 10-njy fewral, 2015 ý.

Russiýada açlyk yglan eden ukrainaly harby pilot Nadia Sawçenko sud diňlenişigi üçin Moskwanyň sud zalyna alnyp baryldy. Rus resmileri Sawçenkonyň 13-nji maýa çenli deslapky tussaghanada saklanylmagyny soraýarlar.

Iýun aýynda gündogar Ukrainadaky orsparaz separatistler tarapyndan tutulyp, iýul aýynda rus tussaghanasyna geçirilen Sawçenkonyň açlyk yglan edenine 10-njy fewralda 60 gün doldy.

Russiýanyň prokurorlary Sawçenkony iki rus žurnalistiniň öldürilmegine gatnaşmakda aýyplaýarlar. Gürrüňi gidýän iki žurnalist gündogar Ukrainadaky wakalar barada maglumat taýýarlaýan mahaly öldürilipdi.

Sawçenko rus resmileriniň özüni tussag etmegine protest bildirip, geçen ýylyň 13-nji dekabrda açlyk yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG