Sepleriň elýeterliligi

Türkmen-owgan serhedi berkidilýär


Türkmen-owgan serhedi

Türkmen-owgan serhedi

Soňky birnäçe aýlykda Türkmenistan Owganystan bilen serhetleşýän bölegini garym gazyp, sim dikip berkidýär, käbir ýerlerde garymyň ini 6 metre çenli bolup, tikenli simiň beýikliginiň hem iki metre barabardygy aýdylýar.

Bu ýagdaýlardan Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Hamiýap we Garkyn etrabynyň ýaşaýjylary nägile. Garkynyň ýaşaýjylary gazylýan garymyň belli bir böleginiň öz topraklaryny öz içine alýandygyny aýtsa, Hamiýabyň ýaşaýjylary bolsa gazylýan garymyň obanyň düýbünden geçýändigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şamerdanguly Myrady, gürüňi edilýän şol ýagdaýlar bilen içgin tanyşmak üçin agzalýan etraplara aýlandy we gazylýan garymlara özi şaýat boldy. Myrady bilen Muhammad Tahiryň geçiren interwýusyny diňlemek üçin şu sepe basyň.

XS
SM
MD
LG