Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gyrgyzystan: Alty adam tussag edildi


Gyrgyz resmileri ýurtda gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” yslamçy toparynyň agzalary diýlip güman edilýän birnäçe adamyň tussag edilendigini habar berýärler.

Gyrgyzystanyň demirgazygyndaky Jeti-Oguz etrabynyň resmileriniň 10-njy fewralda beren maglumatyna görä, gyrgyz derňewçileri Ak-Terek obasyndaky birnäçe jaýda ýarag we “ekstremist” mazmunly tekstleri tapandan soň, gürrüňi gidýän jaýlarda ýaşaýan dört adamy tussag etdiler.

Maglumata görä, “Hizb ut-Tahrir” toparynyň agzasy diýlip güman edilýän ýene bir şübheli Gyrgyzystanyň günortasyndaky Batken welaýatynda ele salnypdyr.

9-njy fewralda Oş welaýatynyň resmileri gürrüňi edilýän toparyň agzasy diýilip aýdylýan ýerli ymamyň tussag edilendigini habar berdiler.

XS
SM
MD
LG