Sepleriň elýeterliligi

Astana: Partlamada bir ofiser öldi


Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň golaýynda bolan ulag partlamasynda ulagyň içindäki 40 ýaşly harby ofiser heläk boldy.

Gazagystanyň Goranmak ministrliginiň maglumatynda, 10-njy fewralda Astananyň merkezindäki Dostyk köçesinde “Chevrolet” kysymly awtoulagyň partladylmagy netijesinde polkownik Arman Syzdykowyň ölendigi habar berilýär.

Beýanatda berlen maglumata görä, partlamanyň netijesinde başga hiç kime şikes ýetmändir.

Gazak derňewçileriniň aýtmagyna görä, wakanyň bolan ýerinde janyndan geçeniň ýazan haty tapylypdyr. Emma olar hatyň takyk nirede tapylandygy barada jikme-jik maglumat bermediler.

XS
SM
MD
LG