Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gündogar Ukraina: Söweş dowam edýär


Ukrain armiýasynyň tanky.
Ukrain armiýasynyň tanky.

Gündogar Ukrainada parahatçylyk ugrundaky diplomatik basyşlar dowam edýärkä, konfliktde söweşýän iki tarap hem aýry-aýrylykda has köp territoriýany ele geçirendigini öňe sürýär.

“Azow” atly meýletin batalonyň 10-njy fewralda sosial ulgamda ýazan maglumatyna görä, bu batalon orsparaz separatistleri strategik taýdan ähmiýetli Azow deňziniň etegindäki port şäherden yzyna serpikdirip, Mariupoluň demirgazyk-gündogaryndaky birnäçe obany ele geçiripdir.

Separatistleriň harbysynyň metbugat sözçüsi Eduard Basurin 9-njy fewralda beren maglumatynda separatist güýçleriň Debalsewo şäherçesiniň daşyny gabawa alandygyny habar berdi.

Debalsewonyň 25 müň ilatynyň aglabasy sebitden ewakuasiýa edildi.

Ukrain harbysynyň metbugat sözçüsi Andriý Stelmah özüniň 10-njy fewralda beren maglumatynda, soňky 24 sagadyň dowamynda gündogar Ukrainadaky “ukrain pozisiýalaryna duşmanlar tarapyndan edilýän hüjümleriň gerimi artdy” diýdi.

XS
SM
MD
LG