Sepleriň elýeterliligi

Ýemen: Täjik lukmany azat edildi


Geçen ýylyň oktýabr aýynda Ýemende alnyp gaçylan täjik lukmany azat edildi.

Ýemendäki rus kompaniýasynyň täjik işgäri Manuçehr Abduýewiň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Gulruhsor Rofiýewa 10-njy fewralda azat edilip, ol häzirki wagt Marib şäherçesindäki keselhanada saklanylýar.

Gürrüňi gidýän şäherçedäki keselhananyň lukmany Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Rofiýewanyň azatlyga goýberilendigini tassyklady.

36 ýaşly Rofiýewa geçen ýylyň 29-njy oktýabrynda ýitirim bolupdy.

Geçen ýylyň noýabr aýynda Ýemeniň Içeri işler ministri Rofiýewanyň azat edilmegi ugrunda ýurduň howpsuzlyk gullugynyň güýçli tagalla edýändigini habar beripdi.

XS
SM
MD
LG