Sepleriň elýeterliligi

Dükanlaryň ýapylmagy henizem düşnüksiz


Aşgabadyň Bedew massiwindäki ýapylan dükanlaryň käbirleri. 10-njy fewral, 2015 ý.

Aşgabadyň Bedew massiwindäki ýapylan dükanlaryň käbirleri. 10-njy fewral, 2015 ý.

Bedew ýaşaýyş massiwindäki gurluşyk harytlaryny satýan dükanlaryň ýapylanyna eýýäm bir ýyl bolup barýar. Geçen ýylyň maý aýynyň başynda ýapylan bu dükanlaryň köpüsiniň häzirki gün ozal dükan bolandygyny görkezýän alamatlar hem galmandyr.

Bu ýagdaý, esasanam, Respublika köçesiniň ugrundaky dükanlara mahsus. Bu köçäniň ugrundaky dükanlaryň köpüsiniň girelgeleri, penjireleri suwalypdyr. Käbirlerine bolsa, ýaşaýyş jaýlaryna mahsus bolan penjireler goýlup, adaty ýaşaýyş jaýyna öwrülipdir.

Ýatlap geçsek, bu ýerdäki 200-den hem gowrak gurluşyk harytlary dükanlarynyň ählisi ýerli häkimlik tarapyndan ýapylypdy. Dükanlaryň ýapylmagynyň sebäpleri resmi taýdan ne halk köpçüligine, ne-de dükan eýelerine düşündirilipdi. Bu ýerdäki telekeçileriň köpüsinde şeýle söwda nokatlaryny ýöretmäge rugsatnamalarynyň bardygyna garamazdan, häkimligiň işgärleri ýaşaýyş jaýlarynda dükan açmagyň rugsat edilmeýändigini aýdyp, olaryň dükanlaryny ýapypdylar.

Dükanlaryň ýapylmagynyň netijeleri

Bu gadagançylyk şol ýerdäki dükän eýeleriniň käbirlerininiň öz söwdasyny gizlinlikde dowam etdirmegine getirdi. Gizlin edilýän bu söwdanyň söwdagärlerini agzalýan ýaşaýyş massiwiniň käbir köçelerinde görmek bolýar.
Şeýle-de käbir dükanlaryň gapylarynda habarlaşmak üçin ýörite telefon nomerleri hem ýazylypdyr. Müşderiler bu nomerlere jaň edip, şol dükanyň eýesiniň başga ýerdäki ambaryndan zerur bolan harydyny satyn alyp bilýärler.
Emma Bedewdäki dükanlar ýapylansoň, telekeçileriň aglabasy bu ýerden göçüp, paýtagtyň beýleki bazarlarynda ýa-da şäheriň käbir ýerlerinde özbaşyna gurluşyk harytlary dükanlaryny açmaga mejbur bolupdylar. Esasanam, paýtagtyň ”Morožennyý optowyý”, ýagny ”Doň lomaý” diýlip atlandyrylýan bazara hem-de ”Altyn Asyr” ”Gündogar” ýa-da ”Jygyldyk” bazarlaryna göçüpdirler.

Paýtagtyň ”Gündogar” bazarynyň töwereklerine göçen telekeçileriň hem az däldigi aýdylýar. Emma Bedewde dükanlary ýapylyp, asla dükansyz galan telekeçiler hem bar. “Bu ýerdäki dükanym ýeke-täk eklenjimdi. Dükany ýapansoňlar, harytlaryň baryny ýerläp, ýene-de kireý edýärin” diýip, dükany ýapylan söwdagär Ýusup öz ýagdaýyny gürrüň berýär.

Söwda näme boldy?

Bedew massiwindäki gurluşyk harytlary dükanlarynyň ýapylmagy müşderilere hem öz täsirini ýetiripdir. Bedewdäki gurluşyk harytlarynyň dükanlary paýtagt boýunça gurluşyk harytlary satylýan iň iri söwda nokadydy. Bu ýerde gurluşyk hem remont üçin islän harydyňy tapyp bolýardy.

Dükanlaryň köplügi sebäpli bahalar hem o diýen gymmat däldi. Harytlaryň köpdürlüligi bolsa bir ýerden bir ugra bar zerur zatlaryňy satyn alamaga mümkinçilik berýärdi. Garaz, Bedew massiwindäki dükanlar gurluşyk harytlarynyň özboluşly bazarydy.

Şol sebäpden bu dükanlaryň ýapylmagy remont ýa-da gurluşyk edýän paýtagtlylara özüniň ýaramaz täsirini ýetirdi. Geçen ýylyň tomus aýlarynda, ýagny remont işleriniň möwsümi döwründe bu ýerdäki dükanlaryň ýapylmagy alyjylary has-da nägile etdi.

“Indi gurluşyk harytlarynyň käbirini şäheriň bir çetinden beýlekilerini bolsa beýleki bir çetinden satyn almaly bolýar. Bu bir tarapdan gymmat bolýar beýleki tarapdan bolsa zerur bolan zadyňy tapýançaň ep-esli wagtyňy sarp etmeli” diýip, paýtagtly ussa Şamyrat aýdýar.

Aradan tas bir ýyl geçendigine garamazdan, dükanlary ýapylan adamlar henizem, öz eklenjinden mahrum edilmeginiň sebäbi barada häkimiýetlerden düşündirişe garaşýarlar. Şol dükanlar ýapylyp, onuň ýeriniň başga hiç hili maksat üçin ulanylman, boş goýulmagy bolsa, olaryň häkimiýetleriň eden bu işine bolan nägileligini hasam artdyrýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG