Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Taraplar üstünliklerini öňe sürýär


Gündogar Ukrainanyň Kramatorsk şäherinde raketanyň gaçan ýeri, 10-njy fewral, 2015.

Gündogar Ukrainanyň Kramatorsk şäherinde raketanyň gaçan ýeri, 10-njy fewral, 2015.

Gündogar Ukrainada, parahatçlyk ugrundaky basyşlara garamazdan, söweşler dowam edýärkä, konfliktdäki taraplaryň ikisi-de ol ýa-da beýleki bir territoriýany eýelemekde üstünlik gazanýandyklaryny aýdaýarlar.

Ukrainanyň meýletinçi “Azow” batalýony 10-njy fewralda özüniň Mariupoldan demirgazyk-gündogarda ençeme obalary basyp alandygyny we orsýetçi separatsitleri Azow deňzindäki strategik port şäherinden yza serpikdirendigini sosial media arkaly habar berdi.

Gozglaňçylaryň harby sözçüsi Eduard Basurin separatist güýçleriň Debaltsewo şäheriniň daşyny gabandyklaryny we transport merkezini esasy gara ýoldan üzňeleşdirendigini 9-njy fewral agşamsy habar berdi.

Debaltsewo şäheriniň 25 000 çemesi ýaşaýjylarynyň aglaba bölegi şäherden ewakuasiýa edildi.

Debaltsewo urşuň güýçlenip, bir aýa golaý wagtlap dowam edýän söweşleriň ençemesiniň gidýän ýeridir. Regionda barýan urşuň pidalarynyň sany 5 350 adamdan aşdy.

ABŞ urşuň güýçlenmeginiň ok atyşygy bes edip, parahatçylygy dikeltmek boýunça geçen ýylyň sentýbarynda Minskde gelnen ylalaşyklaryň bozulmasydygyny we munuň “Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň basyşynyň” netijesidigini tekrarlaýar.

Ukrainanyň harbylarynyň metbugat-wekili Andriy Stelmakh gündogar Ukrainada soňky 24 sagadyň dowamynda Ukrainanyň pozisiýalaryna duşman tarapyndan hüjümleriň güýçlenendigini” 10-njy fewralda habar berdi. Stelmakh Ukrainanyň ýedi esgeriniň öldürilendigini we 23 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.

Minsk sammiti

Ukrainanyň, Orsýetiň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleriniň Ukrainadaky konfliktiň soňuna çykmak boýunça gepleşikleri geçirmek maksady bilen jemlenmegi üçin 11-nji fewralda Minskde sammitiň gurnalmagy teklip edildi.

Emma Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier duşuşygyň mümkinçiliklerine şübhe bildirdi we onuň geçiriljeginiň takyk däldigini aýtdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin hem, eger dört lider “ençeme mesele” boýunça öňünden ylalaşyp bilmeseler, onda Minsk sammitiniň bolmajakdygyny aýtdy.

Ukrainanyň Donetsk regionyndaky orsýetçi separatistleriň lideri Denis Puşilin Ukrainanyň, Orsýetiň we ÝHHG-niň wekillerini öz içine alýan Kontakt toparynyň garaşylýan duşuşygyna gatnaşmak üçin 10-njy fewralda Minskde boldy.

Waşingtonda ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama urşuň soňuna çykmak ugrunda “eger diplomatiýa şowsuz” bolsa, Kiýewe goranyş ýaragalaryny ýollamak mümkinçiligine seredýändigini mälim etdi.

9-njy fewralda Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen bolan gepleşikleriniň yz ýany Barak Obama diplomatik çözgüdiň henizem mümkindigine ynam baglaýandygyny aýtdy.

Orsýetiň roly

Şol bir wagtda-da Obama, emma Orsýetiň sentýabr aýynda Minskde Ukraina boýunça gazanylan ylalaşyk bilen bagly öz borçlaryny bozýandygy aýan diýip belledi: “Olaryň Minsk ylalaşygy boýunça öz üstüne alan borçlarynyň tas ählisini bozýandygy mälim, gündogar Ukrainadan goşunlaryny çykarmagyň ýerine, Orsýetiň goşunlary ol ýerde hereket etmegini dowam etdirýärler, separatistleri türgenleşdirýärler we hüjümleri sazlaşdyrmaga ýardam berýärler, ýaraglaryny çykarmagyň ýerine Orsýet [uruş barýan ýere] has köp tank, harby ulag we agyr artilleriýany iberýär”.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Günbataryň ultimatumlaryna boýun bolmajagyny aýtdy.

Putin 10-njy fewralda orsýet diplomatlaryna ýollan telegrammasynda “bize näçe basyş edilýändiginiň parhy ýok”, Orsýet “adamlarymyzyň düýpli bähbitlerini we global howpsuzlygy hem durnuklylygy goramak boýunça garaşsyz daşary syýasatyna eýermegini dowam etdirer” diýdi.

XS
SM
MD
LG