Sepleriň elýeterliligi

Bir gezek: Hüjüm eden özi, goý, özi-de goransyn


Karikatura.

Karikatura.

Sezaryň hazynasy

Iki dost tötänlikde sataşýar. Biri beýlekisine “Ýap-ýaňy aýlygymy aldym. Seni restorana çagyrýaryn. Nahar başynda biraz kelle ýeňledip, derdinşeli” diýip, mürähet edýär. Olar restorana baranda aýlyk alan “Islän zadyňy buýur, sahylyk menden galsyn” diýýär. Restorana çagyrlan dosty “Kişi aşyna bol böwürçilik” edip “Beýleki naharlary soň saýlarys. Ilki “Sezar” salatyny buýraly. Sezar şol bir wagtda gepläpdir, diňläpdir, küşt oýnapdyr. Salat-da adyna degýär. Naz-nygmatyň görnüşi kän, juda tagamly, näçe iýseň-de aşgazana agram salanok” diýipdir.

Aýlyk alan “Sezaryň” bahasyna belet eken. Ol:

-Aýdýanlaryň dogry, ýöne mende Sezaryň hazynasy ýok -diýipdir.

Ýolbars özünden görsün

Äri aýalyna dynç alyş güni daga gezelenje gitmegi teklip edýär. Olaryň gyzjagazy “Daga gitmäliň, ol ýerde ýolbars barmyşyn. Birdenkä ejemiň üstüne hüjüm etse, näderis?” diýýär. Kakasy:

-Ýolbars hüjüm etse, özünden görsün. Hüjüm eden özi, özi-de goransyn -diýip, gyzyny köşeşdiripdir.

Myhmanyň haýyşy

Şäheriň o çetinde ýaşaýan biri şäheriň bü çetinde ýaşaýan tanşynyňka myhmançylyga gelýär. Öý eýesi saçak ýazyp, naharyň ýany bilen şeraply çüýşe-de getirýär. Şeraply çüýşä nebsewir nazar salan myhman “Ortada goýlan zadyň ýüzüne urmak gelşiksiz. Muny içsek meni maşynyň bilen öýüme eltip gaýdasyň-da” diýipdir.

Çagyrylmadyk myhmana edebiň hatyrasyna hödür-kerem eden öý eýesi:

-Onuň gürrüňi bolmaz, howlukýan bolsaň, häzirem eltip-gaýdaýyn- diýipdir.

Arwah

Bir biedep ýigit ýolda sataşan gojanyň üstünden gülmek üçin “Aga, iller “Pylany aga arwah bilenem gepleşip bilýär” diýip, seniň gürrüňiňi edýär. Ýogsa-da, arwahyň sypaty nähil-aý, aga?” diýip, kikr-kikr gülüpdir. Goja sakgal-murtuna timar bermek üçin elmydama ýanynda göterýän ýüz görülýän naşyja aýnasyny goltuk jübüsinden çykaryp oňa uzadypdyr. Soňra-da:

-Şu aýna ünsli seret, arwahyň suraty görüner. Ol bilen özüň-de gepleşip bilersiň -diýipdir.

Il içinden çöpläp, taraşlan Amanmyrat BUGAÝEW.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG