Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Özbek raýaty tussag edildi


Gyrgyzystanyň serhet gullukçylary özbek raýatyny ýurduň araçägini bikanun geçmekde aýyplap tussag etdiler.

Gyrgyzystanyň Serhet gullugynyň berýän maglumatyna görä, gürrüňi gidýän özbek raýaty 10-njy fewralda ýurduň Kadamjaý etrabyna bikanun geçen mahaly tutulypdyr.

Şu aýyň dowamynda gyrgyz resmileri özbek raýatlarynyň Gyrgyzystanyň araçäklerine bikanun geçendigini üç gezek habar berdiler.

1-nji fewraldan bäri aýry-aýrylykdaky wakalarda başga-da jemi alty özbek raýatynyň tussag edilendigi mälim edilipdi.

XS
SM
MD
LG