Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew sanksiýalary ýazgardy


Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.
Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew.

Gazagystanyň prezidenti Nursultan Nazarbaýew Birleşen Ştatlaryň we Ýewropa Bileleşiginiň Russiýa garşy girizen sanksiýalaryny “wagşylarça” diýip atlandyrdy. Şeýle-de, ol bu sanksiýalaryň Gazagystana zyýan ýetirýändigini aýdyp, Gazagystanyň ykdysadyýetiniň “dollara baglylygyny azaltmaga” çagyryş etdi.

11-nji fewralda Gazagystanyň Ministrler kabinetiniň ýygnagynda çykyş eden Nazarbaýew Russiýanyň “ykdysady kynçylyklardan abraý bilen baş alyp çykjakdygyna özüniň ynanýandygyny aýtdy we biz hem mundan baş alyp çykarys” diýdi.

Şeýle-de, Nazarbaýew geçen ýylyň dowamynda rus rublynyň hümmetiniň ýiti pese gaçmagynyň gazak kompaniýalaryna zeper ýetirendigini belledi.

Şol bir wagtyň özünde ol bu ýagdaýa “daşky faktorlaryň” sebäp bolandygyny we munuň Gazagystanyň “Ýewraziýa ykdysady birleşigine” agza bolmagy bilen arabaglanyşygynyň ýokdugyny aýdyp, gyýtaklaýyn usul bilen Günbatary aýyplady.

Şeýle-de, Nazarbaýew Gazagystanyň Milli bankyna “gazak ykdysadyýetiniň dollara baglylygyny azaltmaga” hem-de raýatlara we kompaniýalara öz amerikan dollaryndaky pul serişdelerini gazak teňňesine, ýagny gazak pul birligine çalyşmaga çagyryş etdi.

XS
SM
MD
LG