Sepleriň elýeterliligi

Kreml: Putin gepleşiklere gatnaşar


Kreml Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň Ukrainanyň, Germaniýanyň we Fransiýanyň liderleri bilen birlikde Ukrain konflikti barada 11-nji fewralda Belarusyň paýtagty Minskde geçirilýän gepleşiklere gatnaşjakdygyny tassyklady.

Kremliň websahypasynda çap edilen beýanatda “şu gün Putin Minske sapar edýär we ol Ukrainanyň prezidenti Petro Poroşenko, Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland we Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen geçiriljek gepleşiklere gatnaşýar” diýlip habar berildi.

Merkel we Ollandyň ýolbaşçylygynda planlaşdyrylan bu ýygnak geçen ýylyň aprel aýyndan bäri gündogar Ukrainada 5 350 adamyň heläk bolmagyna sebäp bolan konfliktiň soňuna ýetmegi maksat edinýän diplomatik basyşyň bir bölegidir.

Bu duşuşygyň öň ýanynda Ukrainada güýçli çaknyşyklar dowam edýär. Putin we beýleki resmiler gepleşikler geçirilmezden öň, birnäçe meseläniň anyklaşdyrylmagynyň zerurdygyny mälim edipdiler.

XS
SM
MD
LG